Sepleriň elýeterliligi

Awstraliýa, Hytaý söwda ylalaşygyna gol goýdy


Awstraliýa we Hytaý möhüm söwda ylalaşygyna gol goýdy. 17-nji noýabrda gol çekilen bu ylalaşyk Awstraliýanyň oba-hojalyk ekportýorlaryna Hytaýyň bazaryna aralaşmagyna mümkinçilik döreder.

Şol bir wagtyň özünde bu ylalaşyk hytaý maýadarlarynyň resursa baý Awstraliýadaky bökdençliklerini ýeňilleşdirer.

2013-nji ýylda 130 milliard amerikan dollary möçberindäki ikitaraplaýyn söwdanyň amala aşyrylmagy netijesinde Hytaý eýýäm Awstraliýanyň iň uly söwda partnýorydyr.

Gürrüňi gidýän ylalaşyga Hytaýyň prezidenti Si Jinping (Xi Jinping) we Awstraliýanyň premýer-ministri Toni Abbott (Tony Abbott) tarapyndan gol goýuldy.

XS
SM
MD
LG