Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Kassigiň ölendigini tassyklady


Birleşen Ştatlar Abdul-Rahman Kassig ady bilen hem tanalýan amerikaly kömek işgäri Piter Kassigiň öldürilendigini tassyklady. Bu waka “Yslam döwleti” atly toparyň Kassigiň kellesiniň kesilendigini öňe sürýän wideo ýazgyny ýaýratmagynyň yzýany boldy.

“Terrorçylyk guramanyň ýiti zalymlyk hereketi Abdul-Rahmany bizden alyp gitdi” diýip, Obama 16-njy noýabrda ýaýradan beýanatynda belledi. Obama bu beýanatyny Aziýa amala aşyran saparyndan Birleşen Ştatlaryna dolanýan mahaly ýaýratdy.

Şeýle-de, ol öz beýanatynda Kassigiň ene-atasyna we dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirdi.

26 ýaşyndaky Kassig Siriýanyň raýat urşunda pida bolanlara ýardam berýän mahaly, geçen ýyl alnyp gaçylypdy.

XS
SM
MD
LG