Sepleriň elýeterliligi

Karzaý: ABŞ “goşa syýasat” ýöretdi


Owganystanyň ozalky prezidenti Hamid Karzaý

Owganystanyň ozalky prezidenti Hamid Karzaý

Ozalky owgan prezidenti Hamid Karzaý ABŞ-nyň Owganystan babatynda “goşa syýasat” alyp barandygyny aýdyp, munuň netijesinde sebitde ekstremizmiň artandygyny öňe sürdi.

14-nji noýabrda Azatlyk Radiosy üçin beren interwýusynda Karzaý ABŞ-ly käbir resmileriň goňşy Pakistanyň Owganystanda hüjümleri amala aşyrmakda jogapkär saýylýan söweşijilere pena berýändigini aýdandyklaryny, emma bu meseläni pakistan liderleri bilen gozgamazlyga çagyrandyklaryny hem belledi.

Kabulda Azatlyk Radiosy üçin beren ýörite interwýusynda Karzaý ABŞ-nyň “ogryny talaňçylyga itekländigini, şol bir wagtda öý eýesine hem öz emlägini goramaga maý berendigini” aýtdy.

“Meniň tejribäm ABŞ-nyň iki taraply syýasat alyp barýandygyny görkezýär. Biziň dilimiz bilen aýdylanda, ol ogryny talaňçylyga itekleýär, öý eýesine bolsa öz emlägini goramaga hak berýär. Biz sebitde ekstremizmiň azalman, gaýta artandygyna şaýat bolduk. Biz indi bu ýagdaýlaryň Ýakyn Gündogar sebitine we beýleki döwletlere hem ýaýrandygyny görýäris. Gysgaça aýdanyňda, meniň pikirimçe, bu uruş biziň Owganystan babatynda eden umytlarymyzy ödäp bilmedi. Häzir ABŞ bilen Ikitaraplaýyn howpsuzlyk ylalaşygy baglaşyldy, oňa harby bazasyny saklap galmaga mümkinçilik berildi, indi amerikanlaryň Owganystana urşuň dowamyny däl-de, parahatçylygy getirjekdigine umyt edýärin”.

Gatnaşyklar

2001-nji ýylda Owganystana ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky Halkara güçýleriniň girmegi bilen “Talyban” häkimiýetden çetleşdirilenden soň, prezident saýlanan Karzaý ABŞ bilen gatnaşyklaryň “mydama resmi derejede bolandygyny” aýtdy. Karzaý muňa garamazdan, özüniň ABŞ-ly käbir liderler, şol sanda prezident Barak Obama, ýurduň ozalky lideri George W.Buş bilen hem şahsy gowy gatnaşyklarynyň bolandygyny nygtady.

“Meniň Waşington we ABŞ-ly resmiler bilen gatnaşyklarym, umuman alanyňda, elmydama-da resmi derejede boldy. Ýöne haçan-da adamlar bilen duşuşyp, gürleşeňde, gatnaşyklaryň şahsy tanyşlyga geçmegi hem adaty bir zat. Meniň ozalky prezident [George] Buş, onuň mirasdüşeri [Barak] Obama we käbir beýleki resmiler bilen gowy gatnaşyklarym bardy. Emma 2005-nji ýylda ABŞ parahat ilaty bombalap başlanda, asuda ilatyň arasyndan pidalar artyp başlanda, ABŞ hökümeti bilen bar bolan gatnaşyklar hem üýtgäp başlady. 2004-2005-nji ýyllar aralygynda men aramyzda bolan gepleşikleriň ählisinde bu meseläni gozgadym; men olary ynandyrmak üçin elimde bolan ähli diplomatik serişdelerimi hem ulandym. Men olara muny bes etmekleri üçin dowamly ýalbardym. Men olaryň owganlaryň myhmansöýerdigini, owganlaryň olar üçin dostdugyny düşündirjek bolup dyrjaşdym. Men olardan owgan obalaryny bombalaman, terroristleriň gizlenýän, maliýeleşdirilýän mesgenlerine hüjüm etmeklerini soradym. Men olaryň owgan halkyna zulum etdigiçe, ýerli ilatyň hem olara garşy çykjakdygyny duýdurdym”.

Pakistan

Karzaý “Talybanyň” arkasynda Pakistanyň durandygyny ýene bir gezek tekrarlady. Ol söweşijileri “hökümet tarapyndan maliýeleşdirilýän serişde” diýip atlandyrdy.

“Pakistan hökümeti, 1979-njy ýylda sowet goşunlary girmezden ozal hem Owganystany gowşatmak, onuň halkyny sowatsyz saklamak üçin elinden gelenini edip gelýär” diýip, Karzaý interwýusynyň dowamynda belledi.

Ozalky owgan prezidenti Ukrainanyň Krym ýarymadasynyň Russiýa tarapyndan basylyp alynmagyny hem goldap, bu sebitleriň ruslaryň taryhy ýerleridigini öňe sürdi.

29-njy sentýabrda ikinji prezidentlik möhleti tamamlanan Karzaý häzirki ýurt baştutany Aşraf Ghana garşy syýasy oppozisiýa döretmek niýetiniň ýokdugyny hem belläp geçdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG