Sepleriň elýeterliligi

Pensiýa

Ýurtda her ýyl Ýaşulular maslahaty geçirilýär. Onuň geçmegine birküç aý galanda “Maslahatda seredilmeli meseleler hakynda ýurt raýatlaryndan gelýän teklipleri öwrenýän ýörite komissiýa işleýär. Maslahat raýatlaryň tekliplerini ara alyp maslahatlaşar. Tekliplere garaşýarys” diýip, metbugatda ýazýarlar. Ýöne teklibi haýsy adrese (salga) iberilmelidigi görkezilmeýär. “Ýazýan bolsalar jany bardyr” diýip, “Aşgabat şäheri, Ýaşulylar maslahatynyň iň ketde ýaşulusyna” diýen salga teklibimi ýolladym.

Teklip

Pensiýa ýaşyny 2 ýyl uzaltdylar. Kellesine telpek geýýän 62, gyňaç atynýan 57 ýaşynda pensiýa çykarylýar. Bu düzgüne razy däl. Sebäbi alýan pensiýaňy öz agzyňa ýetirmeýär. Küpür geplämok. Bolýan ýagdaýy beýan edeýin.

Bir gün uly ogluň ýüzüni sallap gelýär. “Kaka, paýtagta gidip, oňly iş tapmadym. Berjek aýlyklary jaý kireýime ýetjek. Öýüm öýlänliksiz otyr. Gaýrat et, biraz pul ber, men ýene iş gözlejek” diýip, dileg salýar. Ilki gözüň düşen, biliňden syzan balaňa dözüp bolanok. Etiňden kesen ýaly edip, pensiýaň gylly ýarysyny berýäň. Ertesi goňşy oba durmuşa çykan gyzyň çagalaryny yzyna tirkäp gelýär.

“Ärimiň iş gözläp, Orsýete gidenine üç aý boldy, ne pul iberýär, ne-de hat. Ony çeçenlere meňzeş görüp, bir töhmeti boýnuna goýandyrlar. Gaýrat et, kömek et” diýip, zar aglaýar. Ýalňyz naçaryňa dözüp bolanok, pensiýaň galanjasyny oňa berýäň.

Agşamara bir howluda bile ýaşaýan ogluň çagalary “Ata, ertir mugallymyň doglan güni. Her kim on manat goşup, sowgat almaly etdik, pul beräý-dä!”, “Ata, welaýatymyza prezident gelýär, geçiriljek çärä menem gatnaşmaly. “Toý lybasyny almak üçin heriňiz iki ýüz manat getiriň” diýdiler, iki ýüz manat beräý-dä!” diýip, dileg salýar.

Olaryň ejesi, agzy ýaşmakly körpe gelniň “Ataňa aýt, iki aýdan mekdepde remont başlanjak, “Maşgalaňyzdan üç okuwçy mekdebe gatnaýar, on günüň dowamynda togsan manat getiriň” diýdiler”-diýip, agtyklaryň ekabyrynyň gulagyna çawuş çakýar. Körpe oglum Türkýede işleýär. Öňki işini ýitiripdir. “Nädeýin?” diýip, arada jaň etdi. “Bärä gelme, gelseň ýurtdan çykarmazlar” diýdim. “Gara güne” diýip süýşürenjäňi gara güne düşen oglumyň çagalaryna berýän.

Ýaşulular maslahatynyň iň ketde ýaşulysy! Nobatdaky Ýaşulylar maslahatynda pensiýa çykmagyň düzgünini üýtgetmek meselesine seretmegi teklip edýärin. Çaga üç ýaşaýança kömek puluny berýäniň üçin sag bol! Ýöne bu ýeterlik däl. Kömek pulunyň mütdeti dolan ýyly ýurt raýatlaryna 25 ýyl möhleti bilen pensiýa bellemeli. Şonda maňa 28 ýaşym dolýança agaýana ýaşamaga, okamaga, hünär edinmäge mümkinçilik dörejek. “Ir öýlensem, çaga basar, eklenç hyllalla bolar” diýen alada-da boljak däl. Allanyň joşan perzentleri kömek puluny, pensiýasyny aljak.

28 ýaşdan soňra öňki düzgün bolmaly. 62 (57) ýaşaýançaň işläp, pensiýa çykmaly. Az görme! 25 ýyllyk pensiýaň öwezini dolmak üçin 34 ýyl işleýän. Bu-hä, birinjiden. Ikinjiden, bul işde iň uly bähbit seniňki-how! Dünýäniň agzy ýelli, erini parawuzsyz metbugatynyň “Pylan ýurduň raýatlarynyň pylança göterimi işsiz” diýen gohundan gulagyň dynç bolar. Il-ýurt bähbitli teklibime Ýaşulular maslahatynda serediler diýen umyt bilen, (Adymy, Pämilämi ýazmaga çekinýän, nä wagt, nä zamana, birden ters düşünmegiňiz mümkin…).

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG