Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanyň Ýewropa ýoly üýtgewsiz


Gürjüstanyň premýer-ministri öz ýurdunyň Ýewropa bilen integrasiýa ýolunyň üýtgewsizdigini aýtdy.

17-nji noýabrda Brýusselde gürjü premýer-ministri Irakli Garibaşwili Ýewropa Bileleşiginiň we NATO-nyň resmileri bilen duşuşdy. Bu duşuşyk Gürjüstanyň Günbatar tarapdary syýasy ugry babatynda aladalanmalaryň artýan mahaly bolup geçdi.

Şu aýyň başynda Garibaşwili Gürjüstanyň goranmak ministri Irakli Alasaniýany wezipesinden çetleşdiripdi. Alasaniýanyň wezipesinden boşadylmagy Gürjüstanyň daşary işler ministriniň we ýurduň dolandyryjy koalisiýasyndaky alty partiýadan biriniň iş taşlaýyş yglan etmegine sebäp bolupdy.

Brýusselde Garibaşwili öz ýurdunyň regionda üstünlikli bolmagy üçin “Ýewropanyň integrasiýa prosesiniň özgerişikli güýjüni” ulanmak isleýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG