Sepleriň elýeterliligi

Almatyda mugallym tussag edildi


Gazagystanyň Almaty şäherindäki "Moda-dizaýn mekdebiniň" öňünde ýurduň polisiýasy derňew geçirýär. 17-nji noýabr, 2014 ý.

Gazagystanyň Almaty şäherindäki "Moda-dizaýn mekdebiniň" öňünde ýurduň polisiýasy derňew geçirýär. 17-nji noýabr, 2014 ý.

Gazagystanyň moda-dizaýn mekdebinde harby türgenligiň esaslary boýunça geçirilýän sapakda granadyň partlamagynyň yzýany, gazak mugallymy tussag edildi. Gürrüňi gidýän partlamanyň netijesinde 16 ýaşyndaky gyz öldi.

17-nji noýabrda bolan partlamadan bir gün soň, Almaty şäherindäki “Moda-dizaýn mekdebiniň” başga-da birnäçe okuwçysy keselhanada saglyk bejergisini almagy dowam etdirýär.

18-nji noýabrda Almaty şäher polisiýasynyň beren maglumatyna görä, harby türgenligiň esaslary boýunça sapagyň 47 ýaşyndaky mugallymy deslapky tussaghanada saklanylýar.

Ady köpçülige mälim edilmedik mugallym adam öldürmek we partladyjy serişdeleri bikanun ulanmak aýyplamalary bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Sowet döwründe Gazagystanda we öňki sowet respublikalarynyň käbirlerinde okuwçylar harby türgenligiň esaslary boýunça sapaklara gatnaşýardylar.

XS
SM
MD
LG