Sepleriň elýeterliligi

Ierusalim: Azyndan dört adam öldürildi


Ierusalimiň sinagogynda elleri sapançaly, paltaly we pyçakly iki palestinaly polisiýa tarapyndan atylyp öldürilmezden öň, dört adamy öldürdi we başga-da birnäçesini ýaralady.

Premýer-ministr Benýamin Netanýahu (Benjamin Netanyahu) soňky ýyllarda Ierusalimde amala aşyrylan iň ýowuz hüjümden soň, Ysraýylyň bu waka “örän berk gaýtawul” berjekdigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri (John Kerry) hüjümi “duýgusyz wagşylyk we arassa terrorçylyk hereketi” diýip atlandyryp, wakany ýazgardy.

Şol bir wagtda Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas hem hüjümi ýazgardy. Abbas ysraýyllylara garşy ýowuz hüjümler başlany bäri ilkinji gezek şeýle çäräni amala aşyrdy. Şeýle-de, Abbas Ierusalimiň mukaddes böleginiň töwereginde “öjükdirmeleri” bes etmäge çagyryş etdi.

XS
SM
MD
LG