Sepleriň elýeterliligi

Täjik jemgyýetçilik guramalary aladalanma bildirýär


Täjigistanda hökümete degişli bolmadyk guramalar özleriniň daşary ýurt grantlaryna almaklaryna çäklendirme girizýän täze kanun barada aladalanmalaryny bildirýärler.

18-nji noýabrda täjik paýtagty Duşenbede geçirilen halkara konferensiýa gatnaşyjylaryň sözlerine görä, ýakynda parlament tarapyndan kabul edilen kanun üýtgetmelerine laýyklykda, Täjigistandaky hökümete degişli bolmadyk guramalar diňe hökümetiň tassyklamagy esasynda daşary ýurt edaralaryndan grant alyp bilerler.

“Täjigistanda Garaşsyz metbugatyň milli assosiasiýasy” atly guramanyň lideri Nuriddin Karşiboýew konferensiýada beren maglumatynda agzalýan kanun üýtgetmeleriniň hökümete degişli bolmadyk guramalaryň hereketlerine degerli täsir ýetirjekdigini we munuň netijesinde olaryň käbirleriniň öz işini togtatmaga mejbur boljakdygyny aýtdy.

“Täjigistanda söz azatlygy” atly konferensiýa Ýewropa Bileleşigi we Täjik hökümeti tarapyndan guramalaşdyryldy.

XS
SM
MD
LG