Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO: Orsýet harby güýjüni artdyrýar


NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg
NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenbergiň 18-nji noýabrda aýtmagyna görä, konfliktli gündogar Ukrainada we serhediň Orsýet tarapynda “harby güýjüň artdyrylýandygy” göze ilýär. Stoltenberg Orsýeti öz güýçlerini yza çekmäge çagyrdy.

Stoltenberg Brýusselde žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda NATO-nyň we beýleki çeşmeleriň, şol sanda ÝHHG-niň maglumatlary “Ukrainanyň içinde... harby güýjüň artdyrylýandygyny” görkezýär. Şeýle-de ol “biz serhediň Orsýet tarapynda harby güýjüň artdyrylýandygyny görýäris” diýip belledi.

“Biz harbylar, enjamlar, artilleriýa we howadan goranyş örän täze sistema barada gürrüň edýäris, bu harby güýji artdyrmak boýunça çynlakaý hereketdir” diýip, Stoltenberg Ýewropa Bileleşiginiň goranmak ministrleriniň maslahatyna baran badyna aýtdy.

Ylalaşyk

Stoltenberg Moskwa ok atyşygy duruzmak barada Minskde 5-nji sentýabrda gelnen parahatçylyk ylalaşygy boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmägi ündedi we Orsýetiň “parahatçylykly gepleşikler arkaly çykalga gözlemek prosesiniň bir bölegi bolup biljegini ýa-da üzňelik ýolunyň dowam etdiriljekdigini” duýdurdy.

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg “Biz Orsýetiň Ukrainany henizem durnuksyzlaşdyrýandygyny görýäris. Biz goşunlaryň, enjamlaryň, tanklaryň, artilleriýa toplarynyň we ösen goranyş sistemalarynyň hereket edýändigini görýäris, bu bolsa ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygy depeleýär” diýdi.

Onuň bu çykyşynyň öňüsyrasynda günbatar liderleri Awstraliýanyň Brisban şäherinde 15-16-njy noýabrda geçirilen “Uly 20-lik” guramasynyň sammitinde Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine basyş etdiler we ony Kiýewiň hem NATO-nyň Orsýetiň orsýetçi separatistlere harby ýardamy diýip atlandyrýan hereketlerini bes etmäge çagyrdylar.

Kreml

Putin Orsýetiň gündogar Ukrainadaky harby roly baradaky aýyplamalary inkär edýär. Günbatar ýurtlary bolsa subutnamalaryň köpelýändigini aýdýarlar we ÝHHG-niň synçylarynyň ýakynda belgisiz harby ulag kerwenlerini görendigini, şeýle-de wepat bolan orsýetli esgerleriň öz ýaşaýan ýerlerine eltilip jaýlanýandygyny belleýärler.

18-nji noýabrda Germaniýanyň ARD telewideniýesine beren interwýusynda Wladimir Putin “gündogar Ukrainada separatistleriň hökümetiň täze basyş howpy bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny we, eger gerek bolsa Orsýetiň olara kömek berip biljekdigini ýa-da eýýäm berýändigini” aýtdy.

Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk Germaniýany daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier bilen Kiýewde 18-nji noýabrda geçiren duşuşygynda Minsk ylalaşygynyň esasy şertleriniň berjaý edilmeýändigini aýtdy.

Şu günüň dowamynda Moskwa sapar edýän Steinmeier “Brisbanda döredilen atmosferanyň Minsk ylalaşygyny berjaý etmek üçin takyk çäreleriň görülmegine mümkinçilik döredip-döretmänligini men şu gün öýlän görerin” diýdi.

Gündogar Ukrainada dowam edýän konflikt zerarly aprel aýyndan bäri 4 100-den gowrak adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG