Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stomatologiýa serişdeleri gytalýar


Paýtagtly diş lukmanlarynyň aýtmaklaryna görä, häzir eýýäm diş üçin plastmassalar, keramika massalary ýaly harytlaryň gytçylygy duýulýar.
Paýtagtly diş lukmanlarynyň aýtmaklaryna görä, häzir eýýäm diş üçin plastmassalar, keramika massalary ýaly harytlaryň gytçylygy duýulýar.

Paýtagtyň medisina harytlaryny satýan dükanlarynda eýýäm iki hepde mundan öň stomatologiýa enajamlarynyň we medikamentleriniň köp gürnüşleriniň gutarandygyny şol dükanlaryň satyjylary aýdýarlar. Bu dükanlaryň käbirlerinde ýöriteleşdirilen stomatologik harytlardan diňe stomatologik enjamlar galan bolsa, käbirlerinde stomatologik harytlar düýbünden gutarypdyr.

Mysal üçin, “Tebip” dermanahanasynyň medisina enjamlary dükanynda stomatologiýa medikamentleriniň eýýäm iki hepdeden bäri hiç haýsysynyň ýokdugyny habar berdiler. Paýtagtyň “Dermanhyzmat” hususy kärhanasynyň lukmançylyk enjamlary dükanynda bolsa bu harytlardan esasan stomatologik bormaşynlaryň galandygyny aýtdylar. Lukmançylyk enjamlaryny satýan “Wladmiwa” atly dükanda hem ýagdaý tapawutly däl.

Paýtagtly diş lukmanlarynyň aýtmaklaryna görä, häzir eýýäm diş üçin plastmassalar, keramika massalary ýaly harytlaryň gytçylygy duýulýar. Iň köp ulanylýan plombalamak üçin serişdeleri bolsa asla tapmagyň kyndygyny käbir diş lukmanlary gürrüň berýärler.

Üpjünçilik

Paýtagtdaky lukmançylyk enjamlary dükanlarynyň satyjylarynyň käbirleri häzirki wagtda ozal stomatologiýa serişdelerini ýurda getiren hususy telekeçilerden ýörite lisenziýanyň soralyp başlanandygyny, şol sebäpli hem gürrüňi gidýän serişdeleriň üpjünçiliginde bökdençligiň dörändigini aýtdylar.

Häzirlikçe bu maglumaty beýleki garaşsyz we resmi çeşmeler arkaly tassyklamak başartmady.

Aşgabatdaky Stomatologiýa merkezi
Aşgabatdaky Stomatologiýa merkezi

Şol bir wagtyň özünde-de ýurda stomatologik harytlar döwlet tarapyndan hem getirilmeýär. Özüni Ahmet diýip tanadan paýtagtly diş lukmanynyň aýtmagyna görä, diňe paýtagtdaky Stomatologiýa merkezi döwletiň hemaýaty bilen stomatologik enjamlar bilen üpjün edilýär.

Diş lukmanlarynyň käbirleri hünäri boýunça diş lukmany bolan Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmegi bilen ýurtda diş lukmançylygy bilen bagly gadagançylyklaryň girizilýändigini aýdýarlar.

Ýatlap geçsek, geçen ýylyň iýun aýynda paýtagtda hususy diş lukmanlarynyň işlerine gadagançylyk girizilipdi. Käbir hususy diş lukmanlaryna jerime salnypdy. Diş lukmany Ahmediň gürrüňinden çen tutsaň, olaryň käbirleri, salgyt tölemekden boýun gaçyranlykda aýyplanyp, jenaýat jogapkärçiligine-de çekilipdirler.

Ýurda stomatologik enjamlarydyr, medikamentleri Eýrandan, Orsýetden we Hytaýdan getirilýärdi. Diş lukmanlary aýratynam Eýrandan bu hili harytlaryň has köp getirilendigini gürrüň berýärler.

XS
SM
MD
LG