Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri Wena saparyny yza süýşürdi


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri (John Kerry).
Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri (John Kerry).

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri (John Kerry) Eýranyň ýadro programmasy barada ylalaşyk baglaşmak hakda 24-nji noýabra bellenen soňky möhletiň öňüsyrasynda Wena etjek saparyny yza süýşürdi. Wenada halkara araçylary Eýranyň ýadro programmasy barada ylalaşyga gol goýmaga synanyşýarlar.

Resmiler geçen ýylyň noýabr aýynda ylalaşylan wagtlaýyn ylalaşygy döretmek we 12 ýyl dowam eden gapma-garşylygyň soňuna ýetmek üçin birnäçe aýdan bäri geçirilýän gepleşiklerden soň, Eýran bilen Günbataryň iri ýurtlarynyň arasynda möhüm tapawutlaryň saklanyp galýandygyny aýtdylar.

Kerriniň Tähranyň ýadro hereketlerini jylawlamak hem-de Birleşen Milletler Guramasy we Günbatar ýurtlary tarapyndan Eýrana garşy girizilen ykdysady sanksiýalary ýuwaş-ýuwaşdan kemeltmek baradaky ylalaşygyň baglaşylmagyna basyş etmek maksady bilen şu hepdäniň ortasynda Wena barmagyna garaşylýardy.

Günbatar ýurtlary Eýranyň ýadro hereketleriniň atom ýaraglaryny özleşdirmäge alyp baryp biljekdigi barada aladalanma bildirýärler.

XS
SM
MD
LG