Sepleriň elýeterliligi

Öňki gazak resmisi öý tussagy edildi


Gazagystanyň öňki premýer-ministri Serik Ahmedow (Serik Akhmetov) korrupsiýa aýyplamalary bilen öý tussaglygynda saklanylýar.

Gazagystanyň Korrupsiýa garşy döwlet gullugynyň 19-njy noýabrda beren maglumatyna görä, Ahmedowyň öý tussaglygynda saklanylmagy ýurduň Kargandy regionyndaky birnäçe ýokary derejeli resmä garşy başladylan derňewler bilen ilteşiklidir.

Bu waka barada köpçülige jikme-jik maglumat berilmedi.

Asly Karagandy regionyndan 56 ýaşyndaky Ahmedow 2012-nji ýylyň sentýabr we 2014-nji ýylyň aprel aýy aralygynda premýer-ministr wezipesini ýerine ýetiripdi.

Ol aprel aýynda ýurduň goranmak ministri wezipesine bellenilipdi, emma ol geçen aý wezipesinden çekildi.

XS
SM
MD
LG