Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Russiýa Ukrain krizisi babatynda Günbatary aýyplaýar


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow.

Russiýa Ukrainadaky konflikt bilen baglanyşykly Birleşen Ştatlary we Ýewropa Bileleşigini aýyplady. Rus daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň sözlerine görä, Ukrainadaky konflikt Günbataryň egoistik, ýagny diňe öz bähbidini gözleýän giňelmek syýasatynyň önümidir.

19-njy noýabrda Russiýanyň parlamentiniň aşaky öýünde çykyş eden Lawrow Günbatar “uruş jenaýatlaryna, kanunsyzlyga we adam hukuklarynyň bozulmalaryna göz ýumýan Kiýewdäki uruş partiýasyny goldamagyň deregine, ikitaraplaýyn kabul edip boljak ylalaşyk prosesini goldamalydyr” diýdi.

Lawrow Ukrainanyň hökümet güýçleri bilen orsparaz separatistleriň arasyndaky ýaragly konflikte Russiýanyň gatnaşygynyň bolandygy baradaky maglumatlary ret etdi. Aprel aýyndan bäri bu konfliktlerde söweş hereketlerine gatnaşýanlardan we parahat ilatdan 4 müň 100-den gowrak adam heläk boldy.

XS
SM
MD
LG