Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Az iýmitlenme maslahat edilýär


Dünýäniň dürli künjeginden baran resmiler we jemgyýetçilik pudagynyň işgärleri Birleşen Milletler Guramasynyň kem iýmitlenme boýunça geçirýän üç günlük konferensiýasyna gatnaşmak üçin Rimde ýygnandylar.

190 ýurtdan baran wekilleriň Iýmitlenme boýunça ikinji halkara konferensiýa gatnaşmagyna garaşylýar. Bu konferensiýa BMG-niň azyk gullugy we Bütindünýä saglyk guramasy tarapyndan guramalaşdyrylýar.

Gürrüňi gidýän konferensiýa gatnaşyjylaryň arasynda Rim papasy Fransis hem bar.

BMG-niň azyk gullugynyň eksperti Lesli Amoroso konferensiýanyň öňüsyrasynda žurnalistlere beren maglumatynda “az iýmitlenme sebäpli adam ýitgisiniň derejesiniň ýokarydygyny” aýdyp, “dünýäde 805 million adamyň ýeterlik mukdarda iýmitlenip bilmeýändigini we 161 million çaganyň ösüşinde yza galmalaryň bardygyny” belledi.

XS
SM
MD
LG