Sepleriň elýeterliligi

Yrakda bombaly ulag partladyldy


Yragyň Kürt awtonom regionynyň metbugat sözçüsi Irbil şäherindäki baş hökümet binasynyň golaýynda janyndan geçen hüjümçiniň bombaly ulagy partladandygyny habar berýär.

Metbugat sözçüsi Hamza Hamediň sözlerine görä, partlamada welaýatyň baş hökümet binasyna tarap gidýän esasy barlag-gözegçilik nokady nyşana alnypdyr.

Hamzanyň maglumatynda hüjümiň netijesinde adam ýitgileriniň bolandygy aýdylyp, emma olaryň sany barada henize çenli takyk maglumat berilmeýär. Ýerli metbugat serişdelerinde wakada azyndan dört adamyň ölendigi habar berilýär.

Irbil şäheri front liniýasynyň golaýynda ýerleşýär. Geçen tomusda “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri Irbiliň 30 kilometrine çenli aralaşypdylar, emma olar Birleşen Ştatlaryň howa zarbalarynyň ýardam bermegi esasynda peşmerga söweşijileri tarapyndan yza serpikdirilipdi.

XS
SM
MD
LG