Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Dört adam ölüm jezasyna höküm edildi


Pakistanda “ar-namys öldürmeleri” diýlip atlandyrylýan wakada urlup-ýenjilip öldürilen pakistanly göwreli zenanyň dört sany dogan-garyndaşy ölüm jezasyna höküm edildi.

Pakistanyň sudunyň resmisi wakada pida bolan Farzana Ikbalyň kakasynyň, iki erkek doganynyň we onuň öňki adamysy diýilýän adamyň Ikbaly kerpiç bilen ýenjip öldürmekde günäli tapylandygyny aýtdy.

25 ýaşyndaky Ikbalyň öldürilmegi Pakistanda zenanlara garşy amala aşyrylýan ýowuzlyklar baradaky problemalara gaýtadan ünsi çekdi.

Pakistanyň Adam hukuklaryny goraýan komissiýasy 2013-nji ýylyň dowamynda ýurtda “ar-namys öldürmeleri” diýilýän wakalaryň 869 sanysynyň hasaba alnandygyny aýtdy. Pakistanda “Ar-namys öldürmelerinde” heläk bolýan adamlar öz dogan-garyndaşlary tarapyndan berk ahlak kadalaryny bozmakda günäkärlenip, öldürilýärler.

XS
SM
MD
LG