Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gyrgyzystanda 11 adam tussag edildi


Gyrgyzystanyň resmileri gelin alyp gaçmakda şübhelenilýän 11 adamy tussag etdiler. Gyrgyzystanda bu etmiş barada öňler sud işi aglaba gozgalmaýardy.

Bişkek şäher polisiýasynyň 20-nji noýabrda beren maglumatyna görä, gyrgyz paýtagtynyň ýaşaýjysy 40 ýaşyndaky zenanyň şikaýaty esasynda alty adam tussag edilipdir. Gürrüňi gidýän zenan tussag edilenleri öz aýal doganyny alyp gaçmakda we mejbury nika zorlamakda aýyplaýar.

Şol bir wagtyň özünde, 20-nji noýabrda Gyrgyzystanyň demirgazygyndaky Tokmok şäheriniň resmileri 18 ýaşyndaky gyzy alyp gaçandygy we ony mejbury nika zorlandygy aýdylýan bäş ýerli ýaşaýjyny tussag etdiler.

Hukuk goraýjy aktiwistleriň aýtmaklaryna görä, Gyrgyzystanda her ýyl 12 müň çemesi aýal we gyz alnyp gaçylyp, olar mejbury nika zorlanýarlar.

XS
SM
MD
LG