Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Hüjümde dört söweşiji öldi


Owganystanda “Talyban” söweşijileri Kabulyň çetinde ýerleşýän daşary ýurtlularyň ýaşaýyş jaý kompleksini nyşana aldy.

19-njy noýabrda Kabulyň gündogaryndaky “Green Village”, ýagny “Ýaşyl oba” atly ýaşaýyş kompleksiniň girelgesiniň golaýynda ulagly bomba partladyldy. Partlamanyň yzýany wakanyň bolan ýerinde ok atyşyklar boldy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligi “Twitter” sosial ulgamy arkaly “Talyban” hereketi öz üstüne aldy.

Kabul şäher polisiýasynyň başlygy general Mohammand Zahiriň sözlerine görä, bu hüjümde dört söweşiji öldürilipdir. Maglumatda janyndan geçen bir söweşijiniň ulagly bombany partlatmagy netijesinde, beýleki üçüsiniň polisiýa bilen bolan ok atyşykda öldürilendigi bellenilýär.

XS
SM
MD
LG