Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus ministri Şoýgu Pakistana bardy


Russiýanyň goranmak ministri Sergeý Şoýgu (Sergei Shoigu) resmi sapar bilen Pakistana bardy.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sözçüsi Igor Konaşenkow 20-nji noýabrda Pakistana baran Şoýgunyň pakistanly kärdeşi Hawaja Asif we premýer-ministr Nawaz Şarif bilen duşuşjakdygyny aýtdy.

Şeýle-de, Konaşenkow bu duşuşygyň dowamynda Şoýgu we pakistanly resmiler ikitaraplaýyn harby we tehnologik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollaryny we regional howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar diýdi.

Maglumatlara görä, Şoýgu we Asif iki ýurduň goranmak ministrlikleriniň arasynda harby hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly ylalaşyga gol goýmagy planlaşdyrýarlar.

Şoýgunyň bu sapary Pakistanyň metbugat serişdelerinde Russiýa “Mi-35” kysymly dikuçarlaryň Yslamabada satylmagyna rugsat berdi diýilýän maglumatlar peýda bolanyndan soň amala aşyrylýar.

XS
SM
MD
LG