Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG Ukrainadaky gözegçilerine ot açylandygyny aýdýar


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) öz gözegçi toparyna “harby eşikli işgär” tarapyndan gündogar Ukrainada ot açylandygyny habar berýär.

ÝHHG-niň berýän maglumatyna görä, 19-njy noýabrda guramanyň gözegçileri Ukrainanyň hökümet kontrollugyndaky Marinka şäherçesiniň golaýyndan barýan mahaly, ýük ulagyň arka tarapyndan harby eşikli ýaragly adam guramanyň ulagyna tarap ot açypdyr.

ÝHHG bu hüjümi amala aşyrmakda Ukrainanyň hökümet güýçlerine ýa-da orsparaz separatistlere aýyplama bildirmedi, emma wakanyň hökümet güýçleriniň kontrollugyndaky territoriýada bolandygyny belledi.

ÝHHG-niň gözegçileri Ukrainada ok atyşygy bes etmek barada 5-nji sentýabrda gelnen ylalaşygyň bozulýan taraplaryna syn edýärler. Ukrainadaky konfliktlerde aprel aýyndan bäri 4 müň 100-den gowrak adam heläk boldy.

XS
SM
MD
LG