Sepleriň elýeterliligi

Kerri Wenada gepleşiklere gatnaşar


Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň (John Kerry) Eýranyň ýadro programmasy barada geçirilýän ýokary derejeli gepleşiklere gatnaşmak üçin 20-nji noýabrda Wena sapar etjekdigini mälim etdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sözçüsi Jen Psakiniň sözlerine görä, Kerri Wenada Birleşen Ştatlaryň araçylary bilen duşuşar.

Psaki bu barada Kerri Parižda Saudy Arabystanynyň daşary işler ministri bilen gepleşikleri geçirip, fransuz kärdeşi bilen duşuşmazdan gysga wagt öň çykyş etdi.

Kerri Eýran bilen ilteşikli Londanda geçirilen iki günlük gepleşiklerden soň, 20-nji noýabrda Pariže bardy.

XS
SM
MD
LG