Sepleriň elýeterliligi

logo-print

BMG: Ýaraşyk bolsa-da, 950 adam wepat boldy


Orsýetçi separatist Ukrainanyň hökümet güýçlerinden awgust aýynda söweşde basyp alnan tankyň öňünde, Ilowaisk, 18-nji noýabr, 2014.

Orsýetçi separatist Ukrainanyň hökümet güýçlerinden awgust aýynda söweşde basyp alnan tankyň öňünde, Ilowaisk, 18-nji noýabr, 2014.

BMG gündogar Ukrainada ok atyşygy bes etmek barada 5-nji sentýabrda ylalaşyga gelnenden soňky döwürde söweşler zerarly günde ortaça 13 çemesi adamyň wepat bolýandygyny aýdýar.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça baş komissary Zeid Ra'ad Al Hussein bu sanlary 20-nji noýabrda köpçülige ýetirdi.

Pidalaryň sany

BMG-niň Adam hukuklary boýunça agentligi konfliktde aprel aýyndan bäri azyndan 4 317 adamyň öldürilendigini we 9 921 adamyň ýaralanandygyny aýdýar. Konflikt Orsýetiň we Günbataryň arasyndaky gatnaşyklary hem Sowuk urşuň derejesine çenli gowşatdy.

BMG-niň maglumatyna görä, 5-nji we 18-nji noýabryň aralygynda 957 adamyň wepat bolandygy hasaba alnypdyr. Bu san ok atyşygy bes etmek barada Minskde gelnen ylalaşygyň gündelik bozulýandygyny görkezýär we pitneçileriň elindäki Donetsk şäheriniň aeroportunyň daşyndaky we hökümetiň gözegçiligindäki Azow deňzinde ýerleşýän Mariupol şäherindäki söweşlere degişlidir.

Bosgunlaryň sany

Ukrainanyň içinde öz öýlerini terk edenler diýlip hasaba alnan adamlaryň sany sentýabryň ortalaryndan 19-njy noýabra çenli 275 489 adamdan 466 829 adama çenli artdy diýip, BMG-niň Adam hukuklary boýunça agentligi aýdýar.

Orsýetiň, Ukrainanyň, şeýle-de Donetsk we Lugansk regionlarynyň uly böleklerini eýelän gozgalaňçylaryň wekilleriniň gatnaşmagynda baglaşylan ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyk konflikti bes etmek maksady bolan ädimleri hem göz öňünde tutýar.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň baş resmisiniň aýtmagyna görä, gündogar Ukrainada parahatçylyk prosesiniň geljegi “garaňky” bolsa-da, Minsk ylalaşygyna başga hiç hili alternatiwa ýok.

“Nähili-de bolsa, kemçilikler bolup biler, olaryň üstüni ýetirmeli hem bolar, Minsk dokumentleri gündogar Ukrainada parahatçylyk ýoluna tarap gapydyr we şonuň üçin bu dowam etdiriler” diýip, sweýsariýaly diplomat Heidi Tagliawini Wenada ÝHHG-niň 57 agzasynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda aýtdy.

Tagliawini ÝHHG-niň Üç taraplaýyn gepleşikler toparyna girýär, bu topar Ukrainanyň we Orsýetiň baş wekillerini hem öz içine alýar.

Tagliawini NATO-nyň, ÝHHG-niň synçylarynyň we žurnalistleriň konflikt zonasynda harby güýjüň artdyrylmagy barada berýän täze hasabatlaryna salgylanyp, “gelejek henizem garaňky” diýip belledi we munuň ýene-de güýçlenmeginiň regionyň özi we onuň daşy üçin ençeme netijeleri döredip biljekdigini aýtdy.

Halkara tagallalary

Ol ýagdaýyň 15-16-njy noýabrda “Uly 20-lik” guramasynyň Awstraliýada geçirilen sammitinden bäri düzelmändigini aýtdy. Sammitde Günbataryň liderleri Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine NATO-nyň Orsýetiň separatistlere harby ýardamy diýip atlandyrýan meselesi boýunça basyş etdiler.

Orsýet öz gatnaşygyny inkär edýär we soňky günlerde Ukrainanyň hökümetiniň we 2-nji noýabrda saýlaw geçirip, regionda gözegçiligini pugtalandyran separatistleriň arasynda göni gepleşikleri geçirmäge ündeýär. Bu saýlawlary Kiýew, ABŞ we ÝB bikanun diýip yglan etdiler.

Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk Orsýetiň çagyryşlaryny 19-njy noýabrda gönüden-göni ret etdi we öz hökümetiniň Moskwanyň “hakyna tutan” adamlary bilen gepleşmejegini aýdyp, Orsýeti “terrorçylary” kanunlaşdyrmak” maksady bilen “oýün oýnamakda” aýyplady.

ABŞ-nyň wise-prezidenti Josef Baýden (Joseph Biden) 20-nji noýabrda Kiýewe öz iki günlük saparyna başlaýar.

XS
SM
MD
LG