Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türklere berlen mümkinçilikden Eýran peýdalanýar”


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Türkiýäniň şol wagtky premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan. 2012 ý.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Türkiýäniň şol wagtky premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan. 2012 ý.

“Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň tagallasy bilen Türkmenistan Eýrandan geçilýän Lütfabad serhet geçelgesinden [geçmeli ýük ulaglarynyň] mümkinçiligini 50% artdyrdy. Emma bu mümkinçilikden Eýran öz bähbidine peýdalanýar” diýip, Türkiýäniň halkara transportçylar jemgyýetiniň (UND) başlygy Fatih Şener beýanat bilen çykyş etdi.

Beýanatda şu ýylyň 6-7-nji noýabry aralygynda Aşgabada sapar eden türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogynyň beýleki meseleler bilen birlikde Türkmenistan-Eýran serhedinde müňlerçe türk ýük ulaglarynyň garaşdyrylýandygy baradaky meseläni hem gozgandygy habar berilýär.

Bu gepleşikleriň netijesinde türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türk lideri Rejep Taýyp Erdoganyň haýyşy esasynda Eýrandan Türkmenistana geçilýän Lütfabad serhet geçelgesinden bir günüň dowamynda geçip bilýän ýük ulaglarynyň sanyny 50% artdyryp, 200-den 300-e çykarypdyr.

Hormatly prezidentimiz [Aşgabada eden] saparynda bu sany 200-den 300-e çykardy. Emma, Eýran bu mümkinçiligi bize ulandyrman, ondan özi peýdalanýar.
Fatih Şener

Türkiýäniň halkara transportçylar jemgyýetiniň başlygy Fatih Şener, Eýranyň bu döredilen mümkinçilikden öz haýryna peýdalanyp, müňlerçe türk ulagyny geçirmän, ozalkysy ýaly Eýran tarapynda nobatda saklaýandygyny mälim etdi.

Şeneriň sözlerine görä, ozal serhetden her gün 200 ýük ulagynyň geçmegine rugsat barka-da, Eýran Türkmenistana her gün diňe 45 türk ýük ulagyny geçiripdir.

Şener bu hakda şeýle gürrüň berýär: “Eýran tarapy, eger-de türk ulaglarynyň [Türkmenistana] has köp geçirilmegini isleýän bolsaňyz, onda türkmen tarapyndan [gündelik geçmäge] rugsat edilýän ýük ulaglarynyň sanynyň artdyrylmagyny soraň diýipdir. Hormatly prezidentimiz [Aşgabada eden] saparynda bu sany 200-den 300-e çykardy. Emma, Eýran bu mümkinçiligi bize ulandyrman, ondan özi peýdalanýar”.

Türkiýäniň halkara transportçylar jemgyýetiniň başlygy öz beýanatynda, beýle ýagdaý bilen dünýäniň başga hiç bir ýerinde ýüzbe-ýüz bolmandyklaryny aýdyp, ýagdaýlary üýtgetmek üçin Eýrandan Türkiýä gelýän ulaglara hem çäklendirmeleri girizmek ýaly käbir teklipleri hödürledi.

Türkiýäniň halkara transportçylar jemgyýetiniň başlygynyň üstüni açan faktlaryny we öňe süren aýyplamalaryny Eýran tarapyna tassyklatmak ýa-da muňa degişli nähilidir bir kommentariý almak başartmady.

Türk habar serişdelerinde ozal hem türk ýük ulaglarynyň Türkmenistana geçmek üçin Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky Lütfabad serhet geçelgesinde has uzak nobata durmaly bolýandygy barada maglumatlar peýda bolupdy.

Lütfabad Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky resmi serhet geçelgesi hökmünde 1996-njy ýylyň aprelinden bäri ulanylyp gelinýär. Eýranyň bu serhet geçelgesiniň garşysynda Türkmenistanyň “Artyk” gümrük posty ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG