Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Hüjümde iki esger öldi


Pakistanyň resmileri ýurduň demirgazyk-günbatarynda motosikle ýerleşdirilen bombanyň partladylmagy netijesinde iki esgeriň ölendigini habar berýärler.

Bu hüjüm 21-nji noýabrda Haýber Puhtunhwa welaýatynyň Peşawar şäheriniň çetindäki Mitra sebitinde amala aşyryldy.

Pakistanyň howpsuzlyk resmileriniň berýän maglumatyna görä, uzak aralykdan dolandyrylýan motosikl ýurduň armiýasynyň ulagy ýoldan geçýän mahaly partladylypdyr.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç bir topar öz üstüne almady. Gürrüňi gidýän territoriýada Pakistanyň howpsuzlyk güýçleriniň kerweni, şeýle-de NATO-nyň Owganystana sapar edýän ýük ulaglary söweşijiler tarapyndan yzygiderli nyşana alynýar.

XS
SM
MD
LG