Sepleriň elýeterliligi

Uýgur alymyna ömürlik ýyl kesildi


Hytaýyň sudy ýurtdaky uýgur azlygyny gorap çykyş edýän alymyň ömürlik türme tussaglygyna höküm edilmegini tassyklady.

Ilham Tohtiniň aklawçysy 21-nji noýabrda beren maglumatynda bu hökümi şikaýat etmäge başga mümkinçiligiň ýokdugyny aýtdy.

Pekin uniwersitetiniň öňki professory we Hytaýyň Sinjiang regionyndaky syýasatynyň tankytçysy 44 ýaşyndaky Tohti separatizmde aýyplanyp, sentýabr aýynda höküm edilipdi.

Ol Hytaýyň hökümetini Sinjianga we onuň uýgur ilatyna has köp awtonomiýa bermezlikde yzygiderli tankyt edipdi.

Tohtiniň aklawçysy müşderisiniň sud işiniň syýasy maksatlygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG