Sepleriň elýeterliligi

Kiýew: Bäş partiýaly koalisiýa döredildi


Ukraina bäş partiýa tarapyndan dolandyrylýan koalisiýany döretdi. Bu koalisiýanyň düzümine Petro Poroşenkonyň Blogy, “Halk fronty”, “Samopomiç”, “Radikal partiýa” we “Batkiwşina” atly partiýalar girýär.

21-nji noýabrda gürrüňi gidýän bäş partiýa koalisiýanyň şertnamasynyň taslamasyna başlangyç gol çekmek çäresini amala aşyrdy.

Ukrain metbugat serişdeleriniň gepleşiklere gatnaşanlara salgylanyp berýän maglumatyna görä, koalisiýa Russiýa tarapyndan anneksiýa edilen Krym sebitini gaýtadan Ukrainanyň kontrollugyna geçirmek baradaky meseleler bilen bir hatarda, ýurduň NATO goşulmagyny gazanmaklygyň koalisiýanyň esasy maksatlarynyň biri boljakdygy barada ylalaşypdyr.

Şeýle-de, partiýalar Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigine integrasiýa meselesi boýunça bilelikde iş alyp barmak barada ylalaşdylar.

XS
SM
MD
LG