Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak şahyry “aşa garaşsyzlyk ýurda howp salar” diýdi


Sowet döwrüniň tanymal gazak şahyry Olžas Süleýmanow (Olzhas Suleimenov) “aşa garaşsyzlygyň Gazagystan üçin howply boljakdygyny” aýtdy.

21-nji noýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Süleýmanow “Beýik Russiýa bilen birnäçe asyr öň dikeldilen” arkalaşygyň Gazagystanyň howpsuzlygy üçin gowy boljakdygyny belledi.

Gazagystanyň Russiýanyň liderligindäki “Ýewraziýa ykdysady bileleşige” agza hökmünde özygtyýarlylygyny ýitirmek ähtimallygy barada Azatlyk Radiosynyň beren soragyna Süleýmanow şeýle jogap berdi: “Eger-de biz doly garaşsyz bolsak, bu Gazagystan üçin uly howp abandyrar” diýdi.

Sowet döwrüniň şahyry we dilçi Süleýmanow “Az we men” atly kitaby ýazanyndan soň, 1970-nji ýyllarda öňki Sowet Soýuzynyň territoriýalarynda uly meşhurlyga eýe bolupdy.

XS
SM
MD
LG