Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden Kiýewe sapar edýär


Birleşen Ştatlaryň wise prezidenti Jo Baýden (Joe Biden) 21-nji noýabrda Kiýewde Ukrainanyň liderleri bilen duşuşýar. Bu duşuşyk Ukraina öňki Kreml tarapdary režimiň häkimiýetden çetleşmegine sebäp bolan protestleriň başlamagynyň bir ýyllygyny belleýän mahaly bolup geçýär.

Baýdeniň bu saparynyň dowamynda prezident Petro Poroşenko we premer-ministr Arseniý Ýatsenýuk bilen duşuşyp, Birleşen Ştatlaryň Ukraina söweş hyzmatdaşlygyna degişli bolmadyk harby hyzmatdaşlygyny artdyrmak barada mälim etmegine garaşylýar.

Ukrainada geçirilen protestler 2014-nji ýylyň fewral aýynda prezident Wiktor Ýanukowiçiň häkimiýetden çetleşdirilmegine sebäp bolupdy.

XS
SM
MD
LG