Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karaçide harby uçar gaçdy


Harby uçar
Harby uçar

Pakistanyň günorta sebitlerinde harby uçar ýere gaçdy. Bu barada ýurduň Harby howa güýçleri maglumat berýär.

22-nji noýabrda port şäheri Karaçiniň golaýynda bolan heläkçilikde uçaryň bortundaky pilotyň hem ölendigi habar berilýär.

Resmiler Fransiýada öndürilen “Miraž” kysymly uçaryň ýere gaçan mahaly “adaty gijeki operasion türgenleşik hereketlerini geçiredigini” mälim etdiler.

Uçar heläkçiligi netijesinde parahat ilatdan hiç kime zeperiň ýetmändigi hem mälim edildi.

Resmiler heläkçilige uçarda dörän tehniki näsazlygyň sebäp bolandygyny çaklaýarlar.

Şaýatlar uçaryň ýere düşmezden ozal howada ot alandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG