Sepleriň elýeterliligi

Segseninji ýyllaryň birinji ýarymynda ýazyjy, žurnalist hem terjimeçi Baýramdurdy Sähedow bilen bir edarada, ýagny «Sowet edebiýaty», (häzirki «Garagum») žurnalynda bile işleşmek miýesser edipdi.

Daşyndan şeýle agras, şeýle parahat, hatda şeýle biperwaý görnen pyýadanyň agzyndan gaty-gaýrym söz çykanyny, gaty ses bilen gürlänini, haýsydyr bir kärdeşine igenenini, redaksiýanyň tabşyrygyndan boýun gaçyranyny, iň bärkisi edara gijä galyp gelenini gören işgär ýokdy.

Gepiň gysgasy «gara ýer ýalydy» diýilýän kişileriň hilindendi…

Baýramdurdynyň kärdeşlerine düýbünden düşnüksiz bir häsiýeti bardy – ol şeýle bir äwmezekdi – bu gylygyna bir kabinetde oturan işgärler haýrandy. Ir sagat 9-da berlen salama sagat 10-larda jogap gaýtarardy. Günortanky arakesmede kofe ýa çaý hödürlän gyzlaryň «sag boluny» iş wagty gutaryberende ýetirip, olary aňk-taňk ederdi…

Ýöne tutuş redaksiýanyň gülküden ýaňa içini tutup kese ýykylmagyna Baýramdurdynyň bölüp-büçüp gürrüň beren bir wakasy boldy:

– Geçen şenbe güni çagalary maşyna mündürip, Gökdepä görme-görşe ugradym. Büzmeýinden sag-aman geçdik. Bir görsem, yzky oturgyçda oturan çagalarym garagolluk edip, kim saçdan, kim gulpakdan çekip, ala-gykylyk bolşup otyr. Gahar-gazap diýlen zady bilmeýän janym, bir yzyma gaňrylyp: «Gyk-çygyňyzy tapba goýmasaňyz, galan ýoly pyýada geçmeli borsuňyz» diýdim. Soň rula tarap öwrüldim welin, depe saçym kirpiň tikeni ýaly bolaýdy. Maşyn ýoldan çepe çykyp, daga tarap tutduryp barýa. Zordan saklap, ýola täzeden düşmeli boldy…

Bu ýerde dili duzly, tankyt bölüminiň müdiri Nargylyç Hojageldiýewi saklajak güýç ýokdy:

– Wah, Baýram jan, özüň bir pikir edip gör – sen bu «çalasynlygyň» bilen yzyňa bakýançaň, çagalara haý-küş edýänçäň, soň ýene rula tarap öwrülýänçäň – maşyn dagyň depesine çykmajakmy!..

Iş wagty tamamlanyp, her kim işläp oturan materialyny stoluň tahylyna atyp ugranda, Baýramdurdy myssaja ýylgyryp, kimedir birinemi ýa özünemi ýüzlenip, ýuwaşja seslendi:

– Nargylyç mamla ýaly-how…

Makalada öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG