Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýa we Yslam


Gyrgyzystanyň metjitleriniň birinde namaz wagty
Gyrgyzystanyň metjitleriniň birinde namaz wagty

Merkezi Aziýa, umuman, musulmanlaryň aglaba bolup ýaşaýan sebiti hasaplanýar. Sowetler döwründe regionda dine, şol sanda yslama hem garşy ýörite syýasat alnyp barylyp, ol basylypdy.

Sowet soýuzynyň dargamagy bilen sebitde Yslam täzeden ornaşyp, ozal gadagan edilen kadadyr-adatlar hem berjaý edilip başlandy. Emma munuň bilen birlikde, käbir synçylar şol döwür Merkezi Aziýanyň täze garaşsyz döwletleriniň hökümetleriniň yslamy öz bähbidine ulanandyklaryna hem ünsi çekýärler.

Şol bir wagtda, häzirki döwür merkezi aziýaly aşa dinçileriň “Talyban”, “Özbegistanyň yslam hereketi”, “Yslam döwleti” ýaly dürli söweşiji toparlaryň hatarynda, dünýäniň dürli künjeklerinde söweşýändigini hem görse bolýar.

Eýse, Sowet soýuzy dargandan soň Merkezi Aziýada yslam nähili özgerdi? Sebitde yslam häzir nähili ýagdaýda?

Bu soraglar dogrusynda Muhammad Tahiriň geçiren ýörite söhbetdeşligini diňlemek üçin aşaky düwmä basyň.

please wait

No media source currently available

0:00 0:23:59 0:00

XS
SM
MD
LG