Sepleriň elýeterliligi

Putin: Ömürlik prezidentlik zyýanly


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin prezident wezipesinde ömürlik galmak niýetiniň ýokdygyny aýtdy we munuň ýurt üçin zyýanly bolup biljekdigini belledi.

Orsýetiň TASS täzelikler agentliginiň 23-nji noýabrda çap eden interwýusynda Putin ömürlik prezidentlik “ýurt üçin dogry däl, zyýanly we maňa gerek däl” diýip diýdi.

Putin konstitusiýa laýyklykda prezident wezipesini 2018-nji ýyla çenli dowam etdirip biljekdigini belledi, emma ondan soň prezidentlik wezipesine ýene dalaş etmek planlaryny agzamady.

Wladimir Putin Günbatar bilen gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagy barada aýdan sözünde Orsýetiň “Täze demir tutynyň” döremegini görmek islemeýändigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG