Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: ABŞ, NATO bilen ylalaşyk tassyklandy


Owganystanyň Kandagar howa bazasy, 11-nji noýabr, 2014.
Owganystanyň Kandagar howa bazasy, 11-nji noýabr, 2014.

Owganystanyň parlamenti Birleşen Ştatlar we NATO bilen howpsuzlyk boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýra-başga ylalaşyklary tassyklady. Dokumentler halkara goşunlarynyň ýylyň aýagyndan soň hem Owganystanda galmagyna rugsat berýär.

23-nji noýabrda parlamentiň spikeri Abdul Raouf Ibrahimi deputatlaryň aglaba köpüsiniň howpsuzlyk ylalaşyklaryny goldandygyny yglan etdi.

Owganystanyň täze hökümetiniň 30-njy sentýabrda gol çeken ABŞ we NATO bilen howpsuzlyk boýunça ylalaşyklaryň parlament tarapyndan makullanmagy owgan goşunlaryna ýardam bermek üçin ABŞ-nyň we NATO-nyň indiki ýylda Owganystanda 12 000 harbysyny galdyrmagyna ýol açýar.

Owganystanyň öňki prezidenti Hamid Karzaý ylalaşyga gol çekmekden boýun gaçyrypdy.

XS
SM
MD
LG