Sepleriň elýeterliligi

Hytaýda ýer titreme boldy


Hytaýyň Ýunnan regiony, 4-nji awgust, 2014

Hytaýyň Ýunnan regiony, 4-nji awgust, 2014

Hytaýyň günbataryndan gowuşan maglumatlarda ýurduň az ilatly, daglyk regionynda bolan güýçli ýer titremäniň azyndan dört adamyň ölümine we 54 adamyň, şol sanda 42 çaganyň ýaralanmagyna sebäp bolandygy habar berilýär.

ABŞ-nyň Geologik barlaglary guramasy 22-nji noýabrda Hytaýyň Siçuan welaýatynyň Kangding etrabyndan 30 kilometr uzaklykda hasaba alnan ýer titremäniň 5.9 magnitudaly bolandygyny habar berdi.

Hytaýyň Seýsmologiýa agentligi ýer sarsgynynyň magnitudasyny 6.3 diýip kesgitledi.

Siçuan welaýatynyň häkimiýetleri 30 çemesi jaýyň doly ýumrulandygyny we 2 630 binanyň uly zyýan çekendigini aýtdylar.

Bu regionda 2008-nji ýylda bolan güýçli ýer yranmasy zerarly 90 000 çemesi adam wepat bolupdy.

XS
SM
MD
LG