Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Demirgazykda söweş güýçlendi


Anbar welaýatynyň Ramadi şäheri

Anbar welaýatynyň Ramadi şäheri

Yragyň hökümet güýçleri şaýy söweşijileriniň we Peşmerga kürt goşunynyň goldamagynda Yragyň paýtagtyndan Eýranyň paýtagtyna barýan esasy ýoly eýelemek üçin Bagdatdan demirgazyk-gündogar tarapdan ýerleşýän iki şähere hüjümi güýçlendirdiler.

Yragyň goşuny we Peşmerga topary Jawla we Saadiýa şäherlerinde üstünlik gazanandygyny 23-nji noýabrda yglan etdiler. “Yslam döwletiniň” söweşijileri bu şäherleriň ikisini-de awgust aýynda basyp alypdy.

Hanagin keselhanasyna ýakyn çeşmeler 23-nji noýabrda söweşlerde Peşmerganyň we ýaragly toparlaryň 10 esgeriniň wepat bolandygyny we 32 adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.

Şol bir wagtda-da Yragyň premýer-ministri Haider al-Abadi Anbar welaýatynyň Ramadi şäherini öz gözegçiligine almak ugrunda söweşýän hökümete tarapdar güýçlere howadan goldawy güýçlendirmegi tabşyrdy.

XS
SM
MD
LG