Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Sport çäresinde bomba partlady


Owganystanyň resmileri ýurduň günbataryndaky Paktika regionynda janyndan geçen hüjümçiniň weleýbol ýaryşynda amala aşyran bomba partlamasy zerarly azyndan 45 adamyň wepat bolandygyny habar berdiler.

Regionyň häkiminiň metbugat-wekili Mokhis Owganyň aýtmagyna görä, hüjüm etraplaryň arasyndaky sport ýaryşynyň bolan wagtynda edilidir. Ýaryş 23-nji noýabrda öýlän Yahyahail etrabynda köp adamyň gatnaşmagynda geçirilipdir.

Owgan resmisi hüjümçiniň tomaşaçylaryň arasyna aralaşyp bombasyny partladandygyny aýtdy. Heläk bolanlaryň köpüsiniň graždan adamlardygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG