Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Eho Moskwy” öz işgärleri üçin düzgünleri çykarýar


Russiýanyň “Eho Moskwy” atly döwlet kontrollugyndaky radio stansiýasy öz işgärleriniň sosial ulgamlarynda özlerini alyp baryşlary barada düzgünnamanyň taslamasyny taýýarlaýandygyny habar berdi. Bu çäre agzalýan radionyň žurnalistiniň Twitter sosial ulgamynda çap eden dawaly haty barada radionyň işgärlerine basyş edilenden soň amala aşyrylýar.

“Eho Moskwynyň” žurnalisti Lesýa Rýabetsewa 24-nji noýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda düzgünnamanyň taslamasyny gözden geçirýändigini tassyklady.

Şeýle-de, Rýabetsewa şeýle çäreleriň “Gazprom Medianyň” beýleki metbugat serişdelerinde işleýän žurnalistleri üçin hem giriziljekdigini belledi.

6-njy noýabrda “Gazprom Medianyň” ýolbaşçysy Mihail Lesin “Eho Moskwy” radiosynyň işgäri Aleksandr Plýuşşewiň işden kowulmagy barada tabşyryk beripdi. Bu çäre žurnalist Plýuşşew Kremliň administrasiýasynyň başlygy Sergeý Iwanowyň ogly Aleksandr Iwanowyň aradan çykandygy barada Twitter sosial ulgamynda maglumat çap etmeginiň yzýany amala aşyrylypdy.

XS
SM
MD
LG