Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistana neşe alyp barýan tutuldy


Owganystanly neşekeşler, Kabul, 2014
Owganystanly neşekeşler, Kabul, 2014

Owgan resmileri Owganystandan Türkmenistana 50 kilogramdan gowrak neşe maddasyny geçirmäge synanyşan studentiň tussag edilendigini habar berýärler. Jowuzjan welaýat polisiýasynyň başlygy Fakyrmuhammet Jowuzjanynyň maglumatynda “Toyota korrolla” kysymly awtoulagyň saklananydygy, onuň içinden 41 kilogram tirýegiň, 17 kilogram geroiniň ele salynandygy mälim edilýär.
Ýatladyp geçsek, geçen hepde hem Owganystanyň serhedinden Türkmenistana 40 kilogram geroini geçirmäge synanyşan raýatyň tussag edilendigini habar beripdik.

Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady Owganystan - Türkmenistan serhedindäki soňky waka barada maglumat berýär.

please wait

No media source currently available

0:00 0:02:23 0:00

XS
SM
MD
LG