Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kitap geljekde nähili okalarka? – “New York Magazine”


Kitaplar we e-kitap okaýjy.
Kitaplar we e-kitap okaýjy.

Bolsa-da, täze çykan e-book readerler, ýagny e-kitap okaýjy abzallar kagyz kitaplaryň ýoguna ýanyp ugrady! Bu pikir soňky ýyllarda gaty köp eşidilýär.

Eger şeýle diýsek, size nähili täsir ederkä: eýsem-de bolsa, elektron kitaplary okamak endiginiň özüniň hem geljegi sorag astynda.

“New Ýork Magazine” žurnalynyň ýazmagyna görä, ýakyn geljekde adamlar kitaby köplenç mobil telefonlaryndan okarlar. Bu garaýyş Amerikanyň neşirýat birleşigi bilen bilelikde “Kitap senagatyny öwreniş” toparynyň geçiren barlagynyň netijesi.

Soňky ýyllarda millionlarça e-kitap okaýjy abzallar satylypdyr
Soňky ýyllarda millionlarça e-kitap okaýjy abzallar satylypdyr

Dogrydanam, soňky ýyllarda millionlarça e-kitap okaýjy abzallar satylypdyr we satylmagyny dowam edýär. Emma adamlar indi satylýan elektron kitaplary olardan däl-de, eýse öz mobil telefonlarynyň ekranyndan, smartfonlaryndan okamaga ýykgyn edýärler.

Aslynda şeýle barlagy geçirmeklik aňsat bolmandyr. Çünki e-kitap satýanlaryň hut özleri iň esasy e-kitap readerleri, ýagny e-kitap okaýjyny öndürjileriň biridir. Meselem, “Amazon.com”-uň Kindle atly abzalynyň dünýäde iň ýörgünli e-kitap okaýjy hasaplanýandygyny özüňizem bilýänsiňiz.

Ýagny, kim öz süzmesiniň turşudygyny äşgär etjek maglumatyň özgäniň eline düşmegini islär?!

“Uly balyk kiçi balygy ýuwudýar”

iPod
iPod

Bu täzeçilligiň sebäbi nämekä? Ýadyňyza düşýän bolsa, ozal iPod bardy (ol häzirem bar), emma indi adamlar iPhone, iPad enjamlarynyň ýörgünli bolup, ýaýbaňlanmagy bilen näme edýärlerkä? Dogrusyny aýtsak, adamlar indi aýratyn abzaldan aýdym-saz diňlemäge-de o diýen göwünjeň däl. Onsoň, aýdym diňlemek üçin indi jübüsinde ýörite enjam göterip ýörenem ýok diýen ýaly. Gepiň keltesi, aýdylyşy ýaly, “Uly balyk kiçi balygy ýuwudýar”. Ýagny, köptaraply aýratynlygy bolan abzal adaty, diňe bir işi ýerine ýetirýän abzaly durmuşdan gysyp çykarýar. Ýaňky deňeşdirmäni biz şony düşündirmek üçin getirdik.

Kitap okamaga gezek gelende-de ýagdaý edil şonuň ýaly, ýagny smartfon telefonlary e-kitap okaýjy abzaly, ol özünden has ullakanam bolsa, aşgazanyna atyp, siňdirip, ýok edip barýar.

Özüňiz baha berip, netijä geliň. “Barnes & Noble” firmasy özüniň “Nook” atly e-kitap okaýjylary öndürýän bölümini, onuň girdejileri ýüzden 35 göterim azalany zerarly we geljegi o diýen gowy bolmansoň, özbaşdak, aýratyn firma öwürýär. Başgaça aýdylanda, onyň özüniň umumy görkezijilerine oňaýsyz täsir ýetirmegini islemeýär.

Bazarlaryň ýagdaýlaryny barlaýan bitarap “Forrester Research” guramasynyň öňe sürýän maglumatyna görä, 2017-nji ýylda jemi 7 million e-kitap reader, ýagny e-kitap okaýjy abzal satylar. (Deňeşdirmek üçin mysala ýüzlensek, onda ýylyň diňe bir çärýeginde ondan 6 esse köp iPhone satylýar).

E-kitap readerleriň ünsden düşmegi hut olary öndürýänleriň öz alyp barýan syýasatlarynyň netijesi bolar. Sebäbi, alyp görseň, “Amazon.com” hem smartfon bazaryna girýär.

Ýagdaýyň iň oňaýsyz tarapy bolsa, kitap bazarynda bolup geçýän şeýle üýtgeşmeleriň kitap okamaklygyň geljegine ýaramaz täsir etjekdigidir. Eger telefonda kitap okaýan bolsaňyz, onda gowy bilýänsiňiz, ýagny bu ýagdaý “Uruş we parahatçylyk” ýaly ullakan göwrümli romanlary okamaklyk üçin hiç amatly däl. Telefonuň ekrany gaty kiçi bolany üçin amatly däl. Bu ýagdaý bolsa köplenç okalyşy gaty kynlaşdyrýar we gözi ýadadýar. Şeýle-de dürli programmalar siziň ünsüňizi okamaklykdan sowup, özüne çekýär. Facebook, Twitter barada aýdyp oturmagyňam geregi ýok...

XS
SM
MD
LG