Sepleriň elýeterliligi

Bişkek: Gyrgyz zenany tussag edildi


Gyrgyzystanyň günortasynda polisiýa öz tanyş aýalyny seksual gulçulyga satmakda aýyplanan zenany tussag etdi.

Oş şäher polisiýa departamentiniň resmileriniň 25-nji noýabrda Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, 33 ýaşyndaky aýal 41 ýaşyndaky şübheliniň özüni Türkiýede seksual gulçulyga satandygy barada polisiýa habar berensoň, gürrüňi gidýän şübheli zenan adam gaçakçylygynda güman edilip tussag edildi.

Wakada pida bolandygy aýdylýan zenan şübheli aýalyň özüne Türkiýede öý arassalaýan işini tapyp bermäge wada berendigini, emma soňra özüni türk raýatyna 5 müň amerikan dollaryna satandygyny aýdýar. Ol türk raýatyň özüni üç aýlap tenini satmaga zorlandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Gyrgyz polisiýasy şübheliniň adynyň Aýnura, wakada pida bolanyň adynyň Gülnaradygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG