Sepleriň elýeterliligi

Günbatar rus, abhaz ylalaşygyny tankyt etdi


Soçide Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (sagda) Abhaziýanyň lideri Raul Hajimba bilen duşuşdy. 24-nji noýabr, 2014 ý.

Soçide Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (sagda) Abhaziýanyň lideri Raul Hajimba bilen duşuşdy. 24-nji noýabr, 2014 ý.

Günbatar ýurtlary Russiýa bilen Gürjüstanyň bölüniji Abhaziýa regionynyň arasynda baglaşylan ylalaşygy tankyt etdiler.

24-nji noýabrda Soçide Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Abhaziýanyň lideri “Strategik hyzmatdaşlyk” ylalaşygyna gol goýdy.

Tbilisi bu ylalaşygy regionyň Moskwa tarapyndan anneksiýa edilmegine synanyşyk diýip ýazgardy.

Gol goýlan resminama laýyklykda, gürrüňi gidýän territoriýadaky Rus we Abhaz güýçleri Russiýanyň komandirleri tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän bilelikdäki güýçlere öwrülerler.

Şeýle-de, Putin Moskwa öňümizdäki ýyl Abhaziýa berýän pul kömegini 200 million amerikan dollaryna çenli ýokary çykarar diýdi.

Waşingtonda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti Russiýa bilen Abhaziýanyň arasyndaky “ylalaşyk diýlip atlandyrylýan” islendik resminamanyň ykrar edilmejekdigini aýtdy.

NATO-nyň Baş sekretary Jens Stoltenberg hem, ylalaşyk Gürjüstandaky ýagdaýyň parahatçylykly çözgüde ýetmegine kömek etmez diýdi.

XS
SM
MD
LG