Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko täze hökümeti düzmäge wada berdi


Litwanyň prezidenti Dalia Grybauskaite (çepde) we Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Kiýewde duşuşdylar. 24-nji noýabr, 2014 ý.
Litwanyň prezidenti Dalia Grybauskaite (çepde) we Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Kiýewde duşuşdylar. 24-nji noýabr, 2014 ý.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko täze hökümeti düzmek barada şu hepde ilkinji ädimleriň ädiljekdigine wada berdi.

Birleşen Ştatlar we Günbataryň beýleki hökümetleri Kiýewi oktýabr aýynda geçirilen saýlawlaryň yzýany, hökümeti düzmek we Günbataryň ýardamlary bilen ilteşikli zerur bolan reformalary amala aşyrmak meselesinde şowsuz bolmakda aýyplady.

Analitikleriň aýtmagyna görä, Ukrainada hökümeti düzmek meselesiniň soňa goýulmagyna esasy wezipeleriň kontrollygy babatynda Poroşenko bilen premýer-ministr Arseniý Ýatsenýugyň arasyndaky bäsdeşlik sebäpli boldy.

Şeýle-de, Poroşenko Kiýewiň orsparaz separatistler bilen söweşine kömek etmek üçin Litwanyň Ukrainany käbir harby ýardam bilen üpjün etjekdigini yglan etdi.

XS
SM
MD
LG