Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň ruhy lideri Günbatary tankyt etdi


Eýranyň baş ruhy lideri täze ýaýradan maglumatynda Günbatar ýurtlaryny tankyt edýän ýaly bolup görünýär. Ol öz maglumatynda: “Ýadro meselesinde ulumsylar Eýrany dyzlaryna çökertmek üçin elinde baryny etdiler, emma bu olara başartmady we bu olara başartmaz” diýdi.

Bu maglumat 25-nji noýabrda Twitter sosial ulgamynda ýaýradyldy. Eýranyň ekspertleri bu Twitter hasabynyň baş ruhy lider Aýatollah Ali Hameneýiniň edarasy tarapyndan dolandyrylýandygyna ynanýarlar.

Bu beýanat Eýran we dünýäniň alty ýurdy Tähranyň ýadro programmasyny jylawlamak we muňa gaýtawul hökmünde ozal bu ýurda garşy girizilen halkara ykdysady sanksiýalary gowşatmak meselesinde ylalaşyk baglaşmakda şowsuz bolanyndan bir gün soň ýaýradyldy.

24-nji noýabrda Wenada geçirilen gepleşiklerde Eýranyň ýadro programmasy boýunça gepleşikleriň möhletini 2015-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli ýene-de yzaltmak boýunça karar yglan edildi.

XS
SM
MD
LG