Sepleriň elýeterliligi

Gazak, özbek liderleri Astanada duşuşdy


Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow we onuň gazak kärdeşi Nursultan Nazarbaýew 25-nji noýabrda Astanada geçirilen duşuşygyň çäginde regionyň howpsuzlygy üçin ikitaraplaýyn gatnaşygyň ähmiýeti barada nygtadylar.

Gazak-özbek liderleriniň arasynda seýrek duş gelýän ikitaraplaýyn duşuşyk Russiýanyň Ukrainadaky hereketleriniň yzýany, Moskwanyň meýilleri babatynda öňki sowet respublikalarynyň arasynda aladalanmalar dörän mahaly geçirildi.

Karimow “döwrebap dünýäde ýagdaýlaryň okgunly üýtgeýän mahaly” ähli ýurtlar “öz goňşy ýurtlaryndan goldaw gözlemäge” çalyşýar diýdi. Şeýle-de, ol “biz geljek üçin perspektiwalarymyzy bilelikde kesgitlemek maksady bilen has köp duşuşyklary geçirmelidiris” diýdi.

Nazarbaýew “tutuş regionyň durnuklylygynyň we ösüşniň Gazagystanyň we Özbegistanyň etjek özara işlerine we pozisiýalaryna baglydygyny” belledi.

XS
SM
MD
LG