Sepleriň elýeterliligi

Günbatar rus-abhaz ylalaşygyny tankytlaýar


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (sagda) we Abhaziýanyň lideri Raul Khajimba. Soçi. 24-nji noýabr, 2014 ý.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (sagda) we Abhaziýanyň lideri Raul Khajimba. Soçi. 24-nji noýabr, 2014 ý.

Günbatar Gürjüstanyň öz-özüni garaşsyz diýip yglan eden Abhaziýa regiony bilen Russiýanyň arasyndaky baglaşylan ylalaşygy tankytlady.

24-nji noýabrda Soçide rus prezidenti Wladimir Putin bilen Abhaziýanyň lideri “strategiki hyzmatdaşlyk” baradaky özara şertnama gol goýdular.

Tbilisi bu şertnamany tankytlap, muny Moskwanyň sebiti basyp almak synanyşygy diýip häsiýetlendirdi.

Ylalaşyga laýyklykda sebitdäki rus we abhaz güýçleri birikdirilip, olara bir rus komandiri ýolbaşçylyk eder.

Putin geljek ýyldan başlap Abhaziýa üçin goýberilýän subsidiýalaryň artdyrylyp, regiona $200 million möçberinde pul goýberiljekdigini aýtdy.

Waşingtonda Döwlet departamenti Russiýa bilen Abhaziýanyň arasyndkay “ylalaşyk diýlip atlandyrylýan” hiç hili dokumenti ykrar etmejekdigini aýtdy.

Tankytlar

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg bu şertnamanyň Gürjüstandaky ýagdaýlaryň parahatçylykly çözgüdini tapmaga ýardam etmejekdigini belledi.

ÝB-niň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogherini şertnamanyň Gürjüstanyň özygtyýarlylygyny we territorial bütewüligini bozýandygyny nygtady.

Moskwa Abhaziýany we Gürjüstandan aýrylan beýlkeki region – Günorta Osetiýany 2008-nji ýylda garaşsyz döwletler hökmünde ykrar etdi.

Bu jarnama Russiýa bilen Gürjüstanyň arasynda Günorta Osetiýanyň üstünde turan, gysga wagtlyk gandöküşikli uruşdan soň kabul edildi.

Abhaziýa 1990-njy ýyllaryň başynda ýüze çykan gazaply uruşdan soň Gürjüstandan bölünipdi. Şol wagt sebitdäki etniki gürjüleriň tas hemmesi diýen ýaly öz öýlerini terk etmeli bolupdylar.

Gürjüstanyň daşary işler ministri Tamar Bedruçaşwili bu täze ylalaşygy “Abhaziýanyň Russiýa Federasiýasy tarapyndan basylyp alynmagyna tarap ädilen ädim” diýip atlandyrdy.

Gürjüstanyň prezidenti şertnamany “akyla sygmajak zat” hökmünde häsiýetlendirdi.

Käbir gürji resmileri Putiniň edil şular ýaly ylalaşygy Günorta Osetiýa bilen hem baglaşmaga taýýarlyk görýän bolmagynyň ähtimaldygyny çaklaýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG