Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Pakistan: Hüjümde dört söweşiji öldürildi


Pakistanyň resmileri ýurduň Demirgazyk Waziristan tire-taýpalar regionynda pilotsyz uçaryň amala aşyran howa zarbasy netijesinde azyndan dört söweşijiniň öldürilendigini aýdýarlar.

Pakistanyň aňtaw gullugynyň resmileri 26-njy noýabrda amala aşyrylan howa zarbasynda Dattahel şäherçesiniň golaýyndaky söweşijileriň birikmesi nyşana alyndy diýdiler. Agzalýan şäherçe Miranşah şäheriniň 60 kilometr günortasynda ýerleşýär.

Aňtaw gullugynyň bir işgäri gürrüňi gidýän birikmäniň “Hakkani” guramasy we söweşijileriň ýokary derejeli komandiri Gul Bahadur tarapyndan ulanylandygyny mälim etdi.

Pakistanyň harby we howpsuzlyk güýçleri iýun aýynda howa we guryýer hüjümlerini amal aşyryp başlany bäri Demirgazyk Waziristan sebitinde 1 müňden gowrak söweşijiniň öldürilendigini öňe sürýärler.

23-nji noýabrda Owganystanyň gündogaryndaky Paktika welaýatynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça geçirilýän ýaryşda janyndan geçeniň bombaly hüjümi amala aşyrmagy netijesinde 57 adam ölüpdi. Bu hüjümiň arkasynda "Hakkani" toparynyň bardygy güman edilýär.

XS
SM
MD
LG