Sepleriň elýeterliligi

Dagystan: Zeper ýeten jaýlar derňelýär


Russiýanyň döwlet komissiýasy Russiýanyň durnuksyz Demirgazyk Kawkaz regiony Dagystanda ýurduň harby we howpsuzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan ýaşaýyş jaýlaryna ýetirilen zyýan-zeperi derňewden geçirmek üçin öz işine başlady.

Sentýabr aýynda Dagystandaky şübheli söweşijilere garşy geçirilen giň gerimli operasiýalaryň netijesinde Untsukul etrabynyň Wremenny etrapçasynyň 1 müňe golaý ýaşaýjysy öz öýlerini terk etmäge mejbur edilipdi.

Howpsuzlyk güýçleri boşap galan etrapçalarda galmagy dowam etdirýärler.

Gürrüňi gidýän komissiýa öýlerini terk etmäge mejbur edilen ýaşaýjylar prezident Wladimir Putine we Dagystanyň ýolbaşçysy Ramzan Kadyrowa protest hatyny ugratmagynyň yzýany döredildi. Olar öz hatynda zyýan-zeper ýeten ýaşaýyş jaýlarynda gaýtadan abatlaýyş işleri geçirmek ýa-da Dagystanyň beýleki territoriýasyna göçmek üçin kompensasiýa berilmegini soraýarlar.

25-nji noýabrda Wremenny etrapçasynyň düzümindäki Gimri obasynyň ýolbaşçysy Aliashab Magomedow gürrüňi gidýän derňewleriň dört gün dowam etjekdigini mälim edipdi.

XS
SM
MD
LG