Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Rus žurnalisti gaçybatalga soraýar


Russiýanyň garaşsyz habar websahypasynyň baş redaktory Birleşen Ştatlaryndan syýasy gaçybatalga sorajakdygyny aýtdy.

Oleg Potapenko 26-njy noýabrda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda özüniň ýurdy terk etmeginiň öňüni almak üçin rus resmileriniň eden tagallalaryna garamazdan, Birleşen Ştatlaryna barandygyny aýtdy.

Potapenko “Amurburg.ru” atly habar websahypasynyň redaktorydyr. Russiýanyň uzak gündogaryndaky Habarowsk sebitinde ýerleşýän bu websahypa gündogar Ukrainada rus harbylarynyň bardygy barada maglumat çap edipdi.

12-nji noýabrda gümrük gullugynyň işgärleri Potapenkonyň pasportunda bir sahypanyň ýetmezçilik edýändigini aýdyp, redaktoryň Gong-Konga uçmagyna rugsat bermändiler.

XS
SM
MD
LG