Sepleriň elýeterliligi

Azeri aklawçysy tussag edildi


Azerbaýjanda adam hukuklaryny gorap çykyş edýän aklawçy Elçin Namazow 15 gün türme tussaglygyna höküm edildi.

Elçin Namazowyň erkek dogany Akram 26-njy noýabrda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aktiwistiň polisiýa boýun bolmazlykda günäli tapylyp, 25-nji noýabrda höküm edilendigini aýtdy.

Bu aralykda, Azerbaýjanyň oppozision “Halk fronty” partiýasynyň wekilleri Azatlyk Radiosyna beren maglumatlarynda partiýanyň aktiwisti Asif Ýusifliniň 25-nji noýabrdan bäri ýitirim bolandygyny habar berdiler.

Ýusifliniň kärdeşleri onuň polisiýa tarapyndan tussag edilen bolmagynyň mümkindigini aýdyp, aladalanma bildirýärler.

Azerbaýjanyň Içeri işler ministrligi Ýusifliniň meselesi dogrusynda maglumat bermegi ret etdi.

XS
SM
MD
LG