Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ: Täze Ferguson protestleri geçirildi


Birleşen Ştatlarda garaýagyz ýaragsyz ýetginjegi atyp öldüren akýagyz polisiýa ofiserini jezalandyrmazlyk barada Ýokary žuriniň çykaran kararyna garşy gahar-gazaplar dowam edýän mahaly, ýurduň ähli künjeginde täze protestler geçirildi.

24-nji noýabrda çykarylan karardan soň, Missouri ştatyndaky Ferguson şäherinde gahar-gazaplar dowam edýär. Missouri ştatynyň gubernatory Sent-Louis şäherýaka territoriýalarynyň köçelerinde Milli gwardiýanyň 2 müň 200-den gowrak esgeriniň garawullyk edýändigini aýtdy.

Maglumatlarda bir polisiýa awtoulagynyň otlanandygy habar berilýär. Sent-Louis okrugynyň polisiýa başlygy Jon Belmar protestleriň ikinji gijesinde 44 adamyň tussag edilendigini belläp, territoriýadaky şertleriň gijäniň öňüsyrasyndaky ýagdaýlara garanyňda asudadygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG